28-nji
sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky
Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
74-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Nýu-Ýork şaherine bardy.
Türkmenistanyň
Daşary işler ministri sessiýadaky çykyşynda sebitleýin we global gün tertibiniň
möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan
etdi.
Hususan-da,
Türkmenistanyň halkara hukugyna we BMG-niň düzgünnamasyna dünýäniň häzirkizaman
düzgünleriniň esasy hem-de döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň ýokary derejesine
ýetmegiň şerti hökmünde seredýändigi bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistan 2021-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan
etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ilkinji
gezek bu pikir Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji
sessiýasynda eden çykyşynda ýaňlandy. Degişli Rezolýusiýa Baş Assambleýa
tarapyndan şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň 73 sany agza döwletleriniň
awtordaşlygy netijesinde biragyzdan kabul
edildi.
Şeýle-de,
durnukly ösüş meseleleri boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygyň ähli gatnaşyjylar
üçin işiň uzakmöhletleýin geljege niýetlenen ileri tutýan ugry bolup galýandygy
barada bellenip geçildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine sapary dowam edýär. Saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilendir.