15-nji martda
paýtagtymyzdaky BMG-niň wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda 2018 — 2022-nji
ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Hereketleriň milli meýilnamasynyň Ýol
kartasyny işläp taýýarlamaga bagyşlanan maslahat geçirildi.
BMG-niň
Çagalar gaznasynyň — ÝUNISEF-niň goldawy astynda guralan foruma Türkmenistanyň
adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalaryny
durmuşa geçirmek babatda pudagara iş toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we
demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
«Tegelek stol» görnüşinde geçirilen bu gezekki maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamagyň, ony ýerine ýetirmegiň, maglumatlary ýygnamagyň we olary seljermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ulgamda öňde durýan möhüm wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmagyň mümkin bolan ugurlary öňe sürüldi.