Düýn Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara
gol çekmek dabarasy boldy.
Geçirilen çärä Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada bellenilişi ýaly, häzir
2016 — 2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNFPA-nyň arasynda
hyzmatdaşlyk boýunça ýurdumyz bilen BMG-niň Ilat gaznasy Ýurt boýunça dördünji
Hereketler maksatnamasyny amala aşyrýar hem-de bu maksatnama hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden döwletimiziň ösüşiniň ileri tutulýan
ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNFPA
bilen bilelikde maliýeleşdirilýän bu maksatnama ilat ösüşi we olaryň durnukly
ösüş bilen baglanyşykly anyk maglumatlaryň seljermelerini utgaşdyrmak arkaly
özara gatnaşyklarda ozal gazanylan netijelere esaslanýar.
Işlenip taýýarlanylan iş
meýilnamalary bäş ýyllyk möhlet bilen maliýeleşdirilýän ýurt boýunça
maksatnamany ýerine ýetirmegiň möhüm bölegine öwrüler we 2019-njy ýyl üçin
işleriň hem-de çäreleriň esasy ugurlaryny kesgitlär.
Çärä gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biriniň ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitleriniň goraglylygyna,
olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen demokratik
özgertmeleriň üýtgewsiz amala aşyrylmagydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň Karary
bilen tassyklanan «Türkmenistanda
2016 — 2020-nji ýyllarda adam hukuklary boýunça hereketleriň milli
meýilnamasyny» hem-de «2015 — 2020-nji ýyllarda gender deňeçerligi boýunça
hereketleriň milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyz
BMG-niň kabul eden halkara-hukuk resminamalary esasynda adam hukuklaryny we
azatlyklaryny üpjün etmek boýunça hereketleriň milli hem-de sebit
maksatnamalaryny we meýilnamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda Birleşen Milletler
Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklaryny
işjeňleşdirýär diýip, resminamalara gol çekmek dabarasynda çykyş edenler
bellediler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň syýasatynda maşgala we enelige goldaw bermek meselelerine
möhüm üns berilýär: göwrelilik döwründe we çagalara ideg etmek boýunça kömek
pullary berilýär. Şeýle hem çaga doglandan soňky döwür üçin goşmaça dynç alyş
möhleti kesgitlenýär. Munuň özi çaganyň ilkinji günlerinden başlap, sagdyn
ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan
«Enelik döwrüniň howpsuzlygy» maksatnamasy sagdyn göwreliligi, çagalaryň sagdyn
dünýä inmegini üpjün etmek, çaga dogrulýan öýlerde bar bolan şertleri
gowulandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Eneler göwrelilik döwründe we
çagalaryň 2 ýaşa çenli döwründe ganazlyga garşy göreşmek hem-de onuň öňüni
almak boýunça maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler bilen gurşalýar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ÝUNFPA-nyň arasynda
«Reproduktiw saglygy ulgamynda birikdirilip berilýän hyzmatlaryň hilini
gowulandyrmak» we «Durnukly milli ösüş üçin dezagregirlenen maglumatlar»
taslamalarynyň iş meýilnamalaryna; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen
ÝUNFPA-nyň arasynda «Reproduktiw saglyk baradaky bilimleriň ýaşlar üçin
elýeterli bolmagyny gowulandyrmak» taslamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle
hem duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy
bilen ÝUNFPA-nyň arasynda «Milli strategiýany we durnukly ösüş meýilnamalaryny
işläp taýýarlamak üçin ilat gaznasy hakyndaky maglumatlary ulanmak» taslamasyna
gol çekildi.
Mundan başga-da, dabaranyň
çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen
ÝUNFPA-nyň arasynda erkek adamlaryň reproduktiw saglyk gullugyny berkitmek
boýunça maliýeleşdirmek hakyndaky şertnama gol çekildi.
Taraplaryň belleýişleri ýaly, bu
resminamalara gol çekilmegi ýurdumyzyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen bu ugurdaky
däp bolan netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.
Bu gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykdy.
Bu gezekki dabara Birleşen
Milletler Guramasynyň agentlikleri bilen ýurdumyzyň oňyn hyzmatdaşlyk
edýändigini tassyklady, olaryň işjeň hyzmatdaşlygynda maksatnamalaryň we
taslamalaryň onlarçasy üstünlikli amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistan BMG-niň örän möhüm
konwensiýalarynyň birnäçesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz
ygrarly bolup durýar, ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de
howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalary birleşdirmek işlerine
işjeň gatnaşýar.