milli goshun logo
Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamynda hyzmatdaşlyk
Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamynda hyzmatdaşlyk
05.04.2019 573 Habarlar

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2016 2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasynyň çäklerinde taýýarlanylan 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

Düýn türkmen paýtagtynda BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda:

- BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikdäki «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 – 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek» atly taslamanyň 2019-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;

- BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikdäki «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslamasynyň 2019-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;

- BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikdäki «Gender deňligini çaltlaşdyrmak üçin ulgamlary we mehanizmleri berkitmäge goldaw bermek» atly taslamanyň 2019-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;

- ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilliginiň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasyndaky «2016 - 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasy we «2019 – 2020-nji ýyllar üçin iki ýyllyk Iş meýilnamasy – çagalaryň hukuklary babatynda hyzmatdaşlyk» hakynda resminamalar bar.