milli goshun logo
Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda ýaş serkerdeleriň gutardyş dabaralary
Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda ýaş serkerdeleriň gutardyş dabaralary
15.06.2020 1870 Habarlar

13-nji iýunda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy boldy.

Bu waka mynasybetli guralan dabara Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdepde başlandy. Bu ýerde watançy esger, ilhalar ynsan we durmuş ýoly nusgalyk mekdebe öwrülen B.Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy. Soňra Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň uçurymlary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň etegine gül desselerini goýdular.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi hakyndaky diplomlar, döşe dakylýan nyşanlar we serkerdelik şahadatnamalary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleriniň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi.