10-njy maýda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde
hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini
düzmek hakynda» Karara gol çekip, hökümet agzalaryna Döwlet býujetiniň
maddalarynyň üstünde dykgatly işläp, ýaşaýyş-durmuş ugruna, zähmet haklarynyň
möçberini köpeltmäge hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny
maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny
tabşyrdy.
Ýakynda,
27-nji maýda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, birnäçe pudagara toparlaryň
düzümini tassyklady. Ýurdumyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň
saglygyny gorap saklamak, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da
kämilleşdirmek maksady bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Keselleriň
ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady.
Bilim ulgamynyň
döwrebaplaşdyrylmagy bilen, oňa täzeçil usullar, mekdepleriň okuw meýilnamasyna
düzedişler girizildi. Şunlukda, binýatlaýyn dersler bilen bir hatarda
ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, grafika
we modelirlemek, maglumat-aragatnaşyk, täzeçil tehnologiýalar ýaly dersler
girizildi.
Okatmagyň 12
ýyllyk möhletine geçilmegi bilen, hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça
işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna
laýyklykda, elektron dolanyşygy, programma üpjünçiligi, elektron bilim
maglumaty gaznasyny döretmek boýunça degişli maslahatlar guraldy. Ýokary okuw
mekdeplerini bir bitewi bilim ulgamyna birikdirmek işleri alnyp barylýar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryna çykdajylary artdyrmak maksady bilen geljek ýyl üçin Döwlet býujetine goýulýan maýa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny yzygiderli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.