2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Zambiýa
Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo
Haimbäniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada
Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda
syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.
Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji
nobatda BMG-niň çägindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp
maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garadylar.
Mälim bolşy ýaly, Zambiýa Respublikasy 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyna işjeň gatnaşdy.