2025-nji
ýylyň 14-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler
Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen
Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda
Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň
DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Gol
çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili
Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili
Martin K Ngoganyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň
ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle
hem Ilçi A.Ataýewa Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ruandanyň Hökümetini
ýene-de bir gezek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça
üçünji maslahatyna (LLDC 3) ýokary derejede gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Ruandanyň Hökümetlerini we halklaryny
diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar we bu ädimiň
ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de uzak
möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm itergi boljakdygyny nygtadylar.