2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň
Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Pakistan Yslam
Respublikasyna sapary boldy.
Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň
Prezidenti jenap Arif Alwi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki
ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenilip geçildi. Pakistanyň
Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
durmuşa geçirilýän bitarap daşary syýasat ugrunyň ähmiýetini aýratyn belläp
geçdi. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň halkara guramalarynyň,
ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki ysnyşykly
özara hereketini belläp geçdiler.
Saparyň jemleri boýunça aşakdaky resminamalara gol
çekildi:
Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Pakistan Yslam
Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky iki ýurduň Daşary işler
ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga düzedişleriň
girizilmegi hakyndaky Teswirnama;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we
Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda
2019-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasy;
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we
Pakistanyň Söwda-senagat Federasiýasynyň arasynda Bilelikdäki işewürlik
toparynyň döredilmegi boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler
ministrliginiň Daşary aragatnaşyklar Akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek
hakyndaky Ähtnama;
«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gazgeçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny kabul edýän tarapyň hökümeti bilen Şertnamanyň esasy şertleri.