28-nji aprelde BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň
binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda
2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasynyň taslamasyny ara
alyp maslahatlaşmak boýunça «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.
Bellenilişi
ýaly, täze Ýurt Maksatnamasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň many-mazmuny beýan
edilýär. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde
beýan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisini, ýagny, 17-sini milli
derejede kabul eden ilkinji ýurtlaryň biri boldy. Şolaryň durmuşa geçirilmegi
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli
durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýar.
Duşuşyga
gatnaşyjylar 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň esasy ugurlary we
ony durmuşa geçirmäge çemeleşmeler barada pikir alşyp, Türkmenistanyň we
BMGÖM-niň ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine laýyk gelýän köpugurly
netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.