milli goshun logo
Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy
Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy
15.03.2020 758 Habarlar

«Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllarda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

Bu resminama Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady durnuklylygy we ösüşi saklap galmak, ilatyň durmuş hukuklaryny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ekologiýa deňagramlylygy saklap galmak ugurlarynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge niýetlenendir.

Çärä Mejlisiň, daşary işler; ykdysadyýet we maliýe; saglygy goraýyş we derman senagaty; zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak; oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, hukuk goraýyş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanda ýerleşýän ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň, jemgyýetçiligiň we KHBS-niň, şol sanda daşary ýurtlaryň KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda BMG bilen sebit we ählumumy ölçegde abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly gatnaşyklary giňeltmek jähtinden ýokarda agzalan Çarçuwaly maksatnamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem Çarçuwaly maksatnamanyň bu iri halkara guramasy we onuň esasy düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýändigi, gülläp ösýän we durnukly Türkmenistanyň ösmegine iki tarapyň hem isleg bildirýändigini beýan edýändigi bellenildi.