milli goshun logo
«Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda gurlup ulanylmaga berlen iri desgalar
«Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda gurlup ulanylmaga berlen iri desgalar
30.12.2018 1401 Habarlar

    «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçýän 2018-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar, Türkmenistanyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Aýratynam dürli maksatly iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň, Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda gurlup ulanylmaga berlen desgalaryň hatarynda iri önümçilik kuwwatlyklarynyň bolmagy, Türkmenistanyň yklymda möhüm ulag aragatnaşyk merkezine öwrülýändigini alamatlandyrýan toplumlaryň işe girizilmegi, milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanýandygyny hem-de ähli ugurlaryň hemmetaraplaýyn ösüşe eýe bolandygyny aýdyň görkezýär.

7-nji fewralda Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň çäklerinde bina edilen durmuş maksatly desgalaryň iri toplumy açylyp ulanmaga berildi.

14-nji fewralda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli bolan edara ediş we söwda maksatly binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem şol gün milli Liderimiz «Türkmen aýna önümleri» önümçilik toplumy gurlup ulanylmaga berildi.

23-nji fewralda «TOPH» gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Päkistan ugry boýunça optiki süýümli aragatnaşyk we elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyna girişildi. Şol gün Serhetabat-Turgundy demirýol şahasynyň hem açylyş dabarasy boldy.

26-njy fewralda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde bina edilen Halkara Howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem Türkmenabat şäherinde häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ýigrimiden gowragynyň açylyş dabarasy boldy.

2-nji maýda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty açylyp ulanylmaga berildi.

21-nji iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üstüni ýetiren täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we Derman Senagaty işgärleriniň gününde açylan «Awaza» şypahanasy ýurdumyzyň şypahanalarynyň üstüni ýetirdi. Şol gün bu ýerde Hazaryň kenarynda dynç alyş merkezli «Awaza» akwaparky hem açyldy. Şol gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan polypropilen örtügini öndürýän kärhana hem ulanylmaga berildi.

22-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze durmuş maksatly desgalaryň, merkezi Aziýada iri köpugurly hassahanasy hem-de ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga berildi. Şol gün Mary şäherinde täze dört gatly çagalar hassahanasy hem işläp başlady.

8-nji sentýabrda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy.

17-nji sentýabrda Garabogazkarbamid zawodynyň açylyş dabarasy boldy. Garabogaz şäherindäki ýerli deňiz portunyň durky dolulygyna täzelenildi.

17-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde sebitde iri Polimer zawody açyldy.