31-nji ýanwarda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň
«Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmensenagat» agentliklerinde maslahatlar
geçirilip, olarda ýakyn geljek üçin bu düzümleriň işiniň esasy ugurlary ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek — käbir
döwlet düzümlerini özgertmek, halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklaryna degişli
kärhanalaryň eýeçiligini üýtgetmek boýunça işleri çaltlandyrmaga gönükdirilen
möhüm çözgütler kabul edildi.
Şeýlelikde,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna
laýyklykda, Senagat we kommunikasiýa ministrligi döredilip, Senagat,
Aragatnaşyk, Demir ýol we Awtomobil ulaglary ministrlikleri, Deňiz we derýa
ulaglary döwlet gullugy, şeýle hem «Türkmenhowaýollary» gullugy onuň garamagyna
berildi. Olaryň hemmesi agentlik derejesine eýe boldy.
30-njy
ýanwarda geçirilen paýdarlaryň ýygnaklarynda «Türkmensenagat» agentliginiň
başlygy wezipesine R.Öwezow, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy
wezipesine bolsa A.Haýytmuradow saýlanyldy. Kabul edilen çözgütler döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Kararlary
bilen tassyklanyldy.