7-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz
ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen
Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen
duşuşygy boldy.
Iki doganlyk
halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parlamentara gatnaşyklara möhüm orun
degişlidir, şunda parlament diplomatiýasynyň ilerledilmegine uly ähmiýet
berilýär. Häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ýaşlar syýasaty,
zenanlaryň meseleleri boýunça özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm
ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy
gol çekmäge taýýarlanylan ikitaraplaýyn resminamanyň ähmiýetini nygtady. Bu
resminama türkmen-azerbaýjan parlamentara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze
derejä çykarmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Soňra duşuşyk iki
ýurduň parlament wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde
dowam etdi.
Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra,
ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan
Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň
arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol
çekýärler.
Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy
Sahiba Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni
bilen sylaglamak hakynda Permany okalýar. Dostlukly ýurduň parlamentiniň
ýolbaşçysy bu sylaga türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn
ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy.