milli goshun logo
«Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
«Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
22.08.2025 138 Habarlar

Şu gün «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky Kong­res­ler mer­ke­zin­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk baş­la­maz­dan ozal, we­ki­li­ýet­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň üç ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň hem-de du­şu­şy­gyň ban­ne­ri­niň öňün­de bi­le­lik­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Soň­ra üç­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Hä­zir­ki wagt­da üç döw­le­tiň ara­syn­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we dur­muş ul­gam­la­ryn­da­ky gat­na­şyk­lar döw­re­bap gör­nüş­de ös­dü­ril­ýär. Şun­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun de­giş­li­dir. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny hem-de onuň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça wa­jyp yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň 22-nji aw­gus­ty­nyň ta­ry­hy gü­ne öw­rü­len­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Mu­nuň özi Ha­za­ryň aja­ýyp ke­na­ryn­da dö­re­di­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň şöh­ra­ty­nyň dün­ýä dol­ma­gy­na go­şant goş­ýar.  Özbek Lideri Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di.

Azer­baý­ja­nyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­lar­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew de­giş­li ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek, öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ry ama­la aşyr­mak üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di.

Şu gün­ki du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­kil­jek res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Azer­baý­ja­nyň Fi­zu­li şä­he­ri bi­len türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň baş­lan­gy­jy bi­len gur­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ha­kyn­da Tes­wir­na­ma gol çe­kil­jek­di­gi aý­ra­tyn nyg­tal­dy.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, hem­me­le­ri Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­jek hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge ça­gyr­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz gel­jek­de türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Azer­baý­ja­na iber­mek müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, hä­zir­ki wagt­da Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da kuw­wat­ly­ly­gy 1 müň 574 me­ga­wat bo­lan tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi­niň türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Azer­baý­ja­na we onuň çä­gi ar­ka­ly Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na iber­mek üçin goş­ma­ça müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­tan­dan Azer­baý­ja­na we Öz­be­gis­ta­na te­bi­gy ga­zy iber­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy.

    Hormatly Arkadagymyz «Da­şo­guz — Şa­bat» ser­het­ýa­ka söw­da zo­la­gy­nyň şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li işe gi­ri­zil­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy­ny ýo­la goý­mak ba­bat­da 2026 — 2035-nji ýyl­lar döw­ri üçin üç ýur­duň çä­gin­de se­na­gat tas­la­ma­la­ry­na bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sü­rüp, bu çe­me­leş­mä­niň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ne­ti­je­li alyş­ma­ga, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da önüm­le­riň mil­li gör­nüş­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.