Türkmenistan ýurtlaryň asudalygyny 23 görkeziji boýunça ölçeýän umumy indeksde --2021 Ählumumy asudalyk indeksinde (Global Peace Index) 7 dereje ýokary galdy.
«Ählumumy asydalyk indeksi» (Global Peace Index) – Parahatçylyk institutynyň tutuş dünýä boýunça halkara bilermenler toparynyň sosiologlarynyň we ykdysatçylarynyň Sidneý uniwersitetiniň Parahatçylygy we çaknyşyklary öwrenmek merkezi bilen birlikde işläp taýýarrlan görekzijisidir, olaryň pikirine görä, ol tutuş dünýäde ýurtlarda hem-de sebitlerde howpsuz durmuş derejesini görkezýär.
Ýurtlaryň asudalygyny kesgitleýän indeks san we hil görkezijileriniň 23-sinden ybaratdyr, olaryň her biri şkala boýunça 1-den 5-e çenli ölçelýär: bally näçe pes boldugyça, şonça-da ýurt asuda hasaplanylýar.