milli goshun logo
Türkmeniň şöhratly ogly – Türkmenistanyň Gahrymany
Türkmeniň şöhratly ogly – Türkmenistanyň Gahrymany
25.09.2019 729 Habarlar

Russiýaly kosmonawt, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany we Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeniniň eýesi, Türkmenistanda doglan, häzirki döwürde Halkara kosmos stansiýasyndaky missiýa ýolbaşçylyk edýän Oleg Kononenko bu gün paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Permanyna laýyklykda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly ada we «Altyn Aý» medalyna mynasyp boldy.

Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty, Oleg Dmitriýewiç Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat şäherinde doglup, ol ýerde 15-nji orta mekdebi aýratyn tapawutlanyp tamamlady. Ol Türkmenistana ýygy-ýygydan gelýär we birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň kosmos giňişligindäki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2009-njy ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Kononenko «Prezidentiň ýyldyzy» atly ordeni bilen sylaglandy. Bu ýokary baýraga uçarman-kosmonawt, Türkmenistanda doglan öz erjelligi, ýokary ussatlygy we kosmosy parahatçylyk maksatly özleşdirmek boýunça halkara programmasyny ýerine ýetirmek dogrusynda gazanan üstünlikleri üçin mynasyp görüldi.

Oleg Kononenko Halkara Kosmos Stansiýasynda (МКС) umumy bolan wagty boýunça rekordyň eýesidir. Ol Halkara Kosmos Stansiýasynda 737 gije-gündizden gowrak boldy we bäş gezek açyk kosmosa çykdy.

Türkmenistanyň Gahrymany adyna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty Oleg Kononenko öz duýgularyny şeýle paýlaşdy:

– Bu baýrak meniň jan Watanym – Türkmenistan bilen aýrylmaz baglanşygymyň nyşany. Men bu toprakda dogulandygyma örän buýsanýaryn. Şu günler ykdysadyýetde, sosial pudagynda, daşary syýasatda, ylymda, medeniýetde, sungatda, sportda heniz ýetilmedik üstünliklere ýetýän we kämilleşýän ýurtda doglandygyma örän buýsanýaryn. Kosmos boýunça ylymy işleri geçirýän adam hökmünde men Türkmenistanyň bu babatdaky edýän ädimlerine ýagny, ýurduň ilkinji emeli hemrasynyň goýberilmegi meni diýseň begendirýär. Elbetde, men Türkmenistanyň üstünliklerine hemişe buýsanýaryn. Bu üstünlikler bolsa gürrüňsiz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet we halkara işi bilen hakykatdan baglanyşyklydyr.

«Milli goşun».