milli goshun logo
«Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň jemleri Daşoguz welaýatynda jemlener
«Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň jemleri Daşoguz welaýatynda jemlener
01.06.2020 999 Habarlar

29-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigini, şeýle hem onuň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu günler ýörite döredilen toparyň agzalarynyň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň dürli ugurlar boýunça türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň ösmegine uly goşant goşýan ukyply we zehinli döredijilik işgärleriniň iň oňat işlerini saýlap alýandygy habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 22 — 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek «Medeniýet hepdeliginiň» çäklerinde edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň jemleriniň jemleniljekdigini hem-de «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlaryna şu ýylyň iýul aýyndan başlamagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.