20-nji fewralda geçirilen hökümet mejlisinde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Dokma senagaty
ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hakynda Düzgünnamalary, şeýle hem
olaryň merkezi edaralarynyň gurluşy we bu resminamalary tassyklamak hakyndaky
Kararlara gol çekdi.
Milli Liderimiziň şu ýylyň 7-nji fewralynda
çykaran degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň
döredilmegi bilen baglylykda, onuň işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak
boýunça guramaçylyk işleriniň alnyp baryldy.
Şu maksat bilen, bu birleşigiň Düzgünnamasy hem-de
merkezi edarasynyň gurluşy baradaky teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem
Dokma senagaty ministrliginiň düzüminden haly we ýüpekçilik pudaklarynyň
aýrylmagy bilen baglylykda, bu ministrligiň Düzgünnamasynyň hem-de onuň merkezi
edarasynyň gurluşynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Taslamalara laýyklykda, häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, Dokma senagaty ministrliginiň merkezi edarasynda sanly tehnologiýalar bölümi, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň merkezi edarasynyň gurluşynda daşary ykdysady aragatnaşyklar, marketing we sanly tehnologiýalar bölümi döredildi.