23-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow şu ýylyň
29-31-nji awgustynda geçiriljek «Türkmengurluşyk – 2019» atly halkara sergisine
hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata görülýän
taýýarlygyň barşy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa
hasabat berdi. Bu çärelere 140-a golaý ýerli hem-de daşary ýurtlardan,
şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan,
HHR-den, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan we beýleki döwletlerden
kompaniýalaryň, edara-kärhanalaryň, telekeçileriň hem-de işewürleriň
gatnaşmagyna garaşylýar.
Giň gerimli
sergide gurluşyk pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary, üstünlikleri we ägirt uly
kuwwaty öz beýanyny tapar. Paýtagtymyzyň sergi merkezinde ykdysadyýetiň şu
ulgamynda işleýän düzümleriň wekillerine öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Sergide ýurdumyzyň önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligine, şol harytlary
halkara bazarynda ilerletmäge aýratyn üns berler.
Maslahatyň gün
tertibine gurluşyk we binagärlik ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy meseleleri,
pudagyň geljegi hem-de ykdysadyýetiň şu pudagyna sanly ulgamlary ornaşdyrmak
meseleleri giriziler.