16-njy aprelde wideoaragatnaşyk arkaly
«Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar
jemgyýetiniň we Russiýa Federasiýasynyň «Transmaşholding» paýdarlar
jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Taraplar önümçilik, teplowozlary we olar üçin
ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek hem-de hyzmat etmek meselelerine garadylar. Web-pikir
alyşmalaryň çäginde, şeýle hem abatlaýyş we lokomotiw işçiler toparlaryny
okatmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.