19-njy martda
geçirilen göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Balkan welaýatynyň
häkimi Ý.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenbaşy şäherinde
gurulmagy meýilleşdirilýän hassahanalaryň taslamasyny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz gurulmagy meýilleşdirilýän 400 orunlyk köpugurly hassahananyň hem-de 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň taslamasyny makullady we durmuş maksatly täze binalar toplumyny gurmak baradaky Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz täze desganyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we öz wagtynda gurlup gutarylmagy, döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.