18-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş
maslahatynda wise-premver P.Agamyradow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
halkymyzyň saglygyny goramak boýunça durmuşa geçirilýän işler, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän
çäreler barada hasabat berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Türkmenbaşy
şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän Köpugurly hassahananyň hem-de Ýokanç
keseller hassahanasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň saglygy we abadançylygy barada hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, wise-premýere we häkime täze guruljak hassahanalarda näsaglara ýokary derejeli kömegiň berilmegi hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleriniň hödürlenilmegi üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. Hassahanalar döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmelidir.