5-nji aprelda sanly
wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer
D.Amangeldiýew «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi» awtomobil
ýolunyň durkuny täzelemek hem-de Garabogaz kölüniň üstünden täze awtomobil
köprüsini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda,
Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli uzynlygy 225 kilometr bolan
awtomobil ýoluny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen, ini 22,5
metr, iki gatnawly her tarapa iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan täze,
döwrebap awtomobil ýoluny we hyzmat ediş desgalaryny, şeýle hem Garabogaz
aýlagynyň üstünden geçýän ini 21 metr, uzynlygy 354 metr bolan täze awtomobil
köprüsini gurmak teklip edilýär.
Türkmen-gazak
serhedine çenli bu awtomobil ýolunyň hem-de köpriniň döwrebaplaşdyrylmagy
ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle hem goňşy döwletleriň
arasynda söwda haryt dolanyşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlaryny ýokarlandyrmaga
ýardam berer.
Döwlet Baştutanymyz awtobanyň taslamasyna täzeden garamak hem-de bu multimodal ýoly Gazagystanyň serhedine çenli dowam etmek babatda degişli teklipleri taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.