Düýn Türkmenabat şäherinde ammar jaýy bolan häzirkizaman
sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen toplum ulanmaga berildi. Ol birbada 3 müň
tonna gök önümleri saklamaga niýetlenendir.
“Lebapmiwe” obasenagat hojalygynyň täze ammarynyň ulanmaga
berilmegi welaýatyň sarp ediş bazarlaryny ýokary hilli we ter önümler bilen
üpjün etmekde we olary ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna ugratmakda möhüm
ähmiýete eýedir. Munuň üçin bolsa bu ýerde ähli zerur şertler üpjün
edildi.
Bu desga şäheriň günorta künjeginde, birnäçe ýyl mundan ozal
döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan täze
köpugurly bazaryň ýakynynda ýerleşýär. Toplumyň desgalarynyň umumy eýeleýän
meýdany 4 gektara barabardyr. Bu ýerde üç sany uly ammar, kömekçi desgalar,
önümleri saýlamaga niýetlenen bölüm, barlaghana, arassaçylyk-durmuş binasy bar.
Şeýle hem onlarça sowadyjy kameralar hereket edýär. Bu ýerde gök önümleri gysga
wagtda kabul etmek we ugratmak üçin ähli zerur şertler döredildi.
Ammarlar Ýaponiýanyň we Russiýanyň ýokary tehnologiýaly
enjamlary bilen üpjün edildi. Häzirkizaman kompýuter ulgamy ammaryň degişli
howa ýagdaýyny, arassaçylygyny, toplumda howanyň çyglylyk derejesini saklamaga
mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň gündogar welaýatynda öndürilýän oba hojalyk
önümleriniň möçberiniň artmagy bilen, olary saklamak, gaýtadan işlemek we
ýerlemek boýunça kuwwatlyklar artdyrylýar. Soňky ýyllarda Lebap welaýatynda gök
we miwe önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar Çärjew we Kerki etraplarynda
guruldy. 1 müň tonnalyk ammar Türkmenabat şäherinde guruldy. Ýokary hilli unuň
her ýylda 80 müň tonnasyny öndürmäge we 100 müň tonna bugdaý saklamaga
niýetlenen elewator welaýatyň merkezinde guruldy. Seýdi we Türkmenabat
şäherlerinde döwrebap pagta egriji kärhanalar bina edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet
adam üçindir!” diýen öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň
ykdysady kuwwaty artýar, oba hojalygy okgunly ösýär, türkmenistanlylaryň
ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar. Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň mundan
beýläk-de rowaçlanmagyna we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagyna
ýardam edýär.