30-njy
awgustda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer
M.Çakyýew ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde «Türkmenhimiýa»
döwlet konsernine degişli düzümlerde daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan
azot, fosfor we kaliý dökünleri çykarylýar.
Şeýle hem
toplumlaýyn mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça zerur işler
alnyp barylýar. Onuň düzüminde birnäçe serişdeler bolar. Şu maksat bilen,
degişli senagat desgasynyň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigi yglan edildi we
ýeňiji kesgitlenildi. Türkmenabadyň himiýa zawodynyň binýadynda guruljak we
ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek täze ulgamyň kuwwaty ýylda
170 müň tonna önüme barabar bolar.
Azot, fosfor, kaliý we beýleki düzümleri özünde jemleýän toplumlaýyn mineral dökünleriň önümçiliginiň ykdysady taýdan bähbitlidigini nazara alanyňda, onuň ýerli çig maly netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellemek ýerliklidir. Bu döküniň obasenagat toplumynda dünýä tejribesinde köp ulanylýandygy üçin onuň milli himiýa senagatynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda uly geljegi bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we hödürlenen taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.