milli goshun logo
Türkmen zyýaratçylary ýurdumyza dolanyp geldiler
Türkmen zyýaratçylary ýurdumyza dolanyp geldiler
7 sagat öň 22 Habarlar

Yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden ildeşlerimiz Watanymyza dolanyp geldiler. Saud Arabystany Patyşalygyna zyýaraty amala aşyran toparyň agzalary haj parzyny ýerine ýetirmek babatda döwlet tarapyndan alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden çözgüdine laýyklykda, yslam dünýäsiniň mukaddes künjekleri hasaplanýan Mekgede we Medinede bolup, haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz ak uçardan düşüp, ene topragymyza gadam goýdular. Olaryň uly dabara bilen garşylanylmagy ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň dowamata atarylýandygyny alamatlandyrdy.

Asylly däbe eýerilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Arkadagly hajy Serdarymyzyň we hajy Arkadagymyzyň hemaýat-goldawy bilen watandaşlarymyzyň uly topary yslam dünýäsiniň iki mukaddesligi saýylýan Mekge hem-de Medine şäherlerinde haj parzyny berjaý etdiler. Ildeşlerimiz keramatly ýerlerde asylly däbe öwrülen ýagşy dessurlary agzybirlikde ýerine ýetirdiler. Olaryň yslam dünýäsiniň wekilleri bilen bilelikde berjaý eden dessurlary musulmançylykda parz işlere aýratyn ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi.

Watandaşlarymyz edilen doga-dilegleriň, berlen gurbanlyk sadakalarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzdan Mekgä we Medinä zyýarata giden ildeşlerimiziň umumy sany 3 müňe golaýlaýar. Olar sekiz topara bölünip, kesgitlenen tertipnama boýunça Saud Arabystany Patyşalygynda zyýaratda boldular. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, olaryň sogaply işleri berjaý etmekleri ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň güwäsidir.

Goý, haj parzyny berjaý eden zyýaratçylaryň ýagşy dilegleri, beren sadakalary Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!