milli goshun logo
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
02.07.2022 627 Habarlar

2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen, Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.

        Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý edýän pursatlarynda Beýik Biribardan mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa jan saglygyny dileg edip, aýat-doga okarlar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işlerde merdana halkymyza üstünlikleri arzuw ederler.