Türkmenistanyň
ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowa 11-nji iýunda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň
wezipelerine hem-de oba hojalygynyň möhüm meselelerine bagyşlanyp geçirilen iş
maslahatynyň barşynda hasabat berildi.
Umuman, ussat ýüpekçiler döwletimize dokma senagaty üçin gymmatly ýokary hilli çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar. Şeýlelikde, meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi.