22-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet daşary
ykdysady iş bankynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara
hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly
duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde nebit-gaz we himiýa
pudaklaryndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly köp meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Oba we suw hojalygy pudaklarynda öňdebaryjy
tehnologiýalary ulanmak we ýapon hyzmatdaşlarynyň sil akymlarynyň öňüni almak
we olary ilatly ýerlerden çykarmak boýunça tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aýratyn üns berlen zatlaryň biri, ol hem
Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän
taslamalary maliýeleşdirmek meseleleri boldy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň
Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen birnäçe karz şertnamasyny baglaşan, ýapon
Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) möhüm orny bellendi.
Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny goldamak bilen ýapon tarapy, özleriniň işewürlik gurluşlarynyň we maliýe guramalarynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.