Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri K.Ejima bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işiniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar, şunda durmuşa geçirilen işleriň netijelerine jikme-jik garaldy, şol sanda öň gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň has hem ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.