milli goshun logo
Türkmen-ýapon gatnaşyklary rowaçlanýar
Türkmen-ýapon gatnaşyklary rowaçlanýar
16.04.2025 161 Habarlar

Düýn – 15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito bilen duşuşdy.

Imperator Naruhito ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly şahsy goşandyny belläp, mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary we ösen senagaty bilen bellidir. Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan, öz gezeginde, ýapon tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bu baýlyklary has netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, şol sanda elektroenergetika, nebitgaz senagaty, himiýa, gurluşyk, ulag hem-de oba hojalygy pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşi gazanmak üçin innowasion çemeleşmeleriň we Ýaponiýa ýaly öňdebaryjy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygy bellenildi.