milli goshun logo
Türkmen-ýapon gatnaşyklary pugtalandyrylýar
Türkmen-ýapon gatnaşyklary pugtalandyrylýar
24.10.2019 773 Habarlar

Mälim bolşy ýaly, 21–23-nji oktýabrda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Ýaponiýa iş sapary geçirildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň, Günüň dogýan ýurdy bilen gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam berýän birnäçe möhüm çäreler geçirildi.

23-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe, Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller Palatasynyň başlygy Tamadori Osima we iri ýapon kompaniýalarynyň başlyklary bilen duşuşdy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Günüň dogýan ýurduna amala aşyran iş saparynyň soňunda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Iş saparynyň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy hem-de Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy.

Iş saparynyň esasy wakasy bolsa türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň, ylymyň we bilimiň pugtalanmagyna şahsy goşandy üçin Milli Liderimize dünýäde abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanýan Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen adynyň dakylmagy boldy. Biziň ýurdumyzda ylym we bilim binýadynda uly üstünlikleri gazanmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza bu ýokary adyň dakylmagy hormat-sarpanyň nyşany bolup durýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, hormatly professor hem-de daşary ýurtlaryň ençeme ylym-bilim merkezleriniň doktory bolan hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjiligi ýörelge edinýän içeri we daşary syýasaty eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyna şanly sahypalary ýazýar. Halkymyzyň her bir gününi bagtyýarlyga, unudylmajak şatlykly pursatlara besleýär. Bu gün ähli halkymyz, şol sanda Watan goragçylary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan beýik işlerine, ynsanperwerlik ýörelgelerine, halkara derejede gazanýan şeýle hormatly atlaryna tüýs ýürekden buýsanýarlar hem-de çäksiz alkyş aýdýarlar.

«Milli goşun».