21 – 23-nji iýunda türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Astana
şäherinde geçirilen Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça foruma we «Ýüpek ýoly» atly üçünji halkara aragatnaşyk maslahatyna gatnaşdy.
Hytaýyň iri media düzümi bolan «Sinhua» habarlar agentligi we Gazagystanyň Prezidentiniň
Teleradio toplumy bilen bilelikde ýola goýlan çärä HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň,
Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň,
metbugat, internet neşirleriniň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.
Gün tertibine laýyklykda forumda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda metbugat
hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, halkara aragatnaşygynyň täze ýollaryny gurmak, medeni
mirasy goramak we Ýüpek ýoly siwilizasiýasynyň täze tapgyryny, şeýle hem Ýewraziýa
arabaglanyşygyny ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Foruma gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň
«Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň hem Hytaýyň sebitleýin we sebitara
ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan «Bir guşak – bir
ýol» başlangyjynyň ähmiýeti barada aýratyn
nygtap geçdiler.