Şu ýylyň 18 — 21-nji iýunynda Russiýa Rederasiýasynyň Sankt-Peterburg
şäherinde Peterburg halkara ykdysady forumy üstünlikli geçirildi. Dünýäniň
140-dan gowrak ýurdundan 20 müňden agdyk wekili Newanyň boýundaky şähere jemlän
bu iri çäre häzirki zaman dünýäsindäki ykdysady ýagdaýlary, söwda, durmuş,
tehnologiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljekki meýillerini ara alyp
maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň
tabşyrygyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem dostlukly ýurtda iş
saparynda bolup, foruma gatnaşdy.
Türkmen wekiliýeti Russiýanyň demirgazyk paýtagtynda 1997-nji ýyldan bäri
her ýyl geçirilip gelinýän Peterburg halkara ykdysady forumy diňe bir forumyň işine gatnaşman, onuň
çäklerinde netijeli duşuşyklary-da geçirdiler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki
başlyklarynyň — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Husnulliniň arasynda bolan duşuşykda taraplar söwda, senagat, energetika, oba
hojalygy, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara
alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň
meýilnamalaryny kesgitlediler.
Peterburg forumynyň çäginde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany
Rustam Minnihanow bilen geçirilen duşuşyk hem netijeli häsiýete eýe boldy. Duşuşykda
nebitgaz, maşyn we gämi gurluşygy, himiýa senagaty ýaly pudaklarda özara hereketleri
has-da işjeňleşdirmek babatda anyk teklipler beýan edildi.