Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna
saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň
wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Intellektual eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi.
Taraplar bu ugurda tejribe alşyp, innowasiýalary we awtorlyk hukugyny goramak
boýunça hukuk binýadyny hem-de mehanizmleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine
seretdiler. Iki ýurduň bilim ulgamynyň wekilleri akademiki gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni hyzmatdaşlyk dialogyň esasy
ugurlarynyň biri boldy. Şunda muzeý işine aýratyn üns berildi. Taraplar medeni
mirasy gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek, sergileri, iki halkyň arasynda
dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän beýleki medeni çäreleri geçirmek babatda
pikir alyşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar maglumatlary alyşmak, bilelikdäki mediataslamalary durmuşa geçirmek we
žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gyzyklanma bildirdiler.
Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşykda
taraplar infrastruktura taslamalaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere
ünsi çekip, logistikany gowulandyrmak, awtomobil, demir ýollary ösdürmek
babatda pikir alyşdylar. Energetika ulgamy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Duşuşykda türkmen we hytaý tarapynyň
wekilleri energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň durnukly
önümçiligi üçin tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly pikirlerini paýlaşdylar.
Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Altyn asyr” elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen “Ženmin Žibao” neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.