18-19-njy
oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň
ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý — Merkezi
Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçdi.
Çäre
hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler
boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk
Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň,
Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň we Günorta-Gündogar Aziýa
(ASEAN) döwletleriniň assosiasiýasyndan gelen ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň
wekillerini — döwlet düzümleriniň hem-de hususy ulgamyň ýolbaşçylaryny, halkara
guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekillerini jemledi.
Deňze
çykalgasy bar bolan we bolmadyk sebitleriň özara baglanyşygyny gowulandyrmak
boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, innowasiýalaryň hasabyna umumy ösüşi
höweslendirmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň hytaý kärdeşleri bilen
ara alyp maslahatlaşan esasy meseleleri boldy. Mejlisiň çäklerinde serhetüsti
logistika, elektron täjirçiligi, «akylly şäherleriň» bilelikdäki gurluşygy,
dürli ulgamlarda iri taslamalary durmuşa geçirmekde zenanlaryň jebisleşmegi
hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu forumyň esasy wezipesi Hytaýyň we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara gatnaşyklara täze badalga bermekden, onuň täze görnüşlerini kesgitlemekden hem-de bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmekden, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ylalaşylan çemeleşmeleri we gurallary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.