11-nji iýulda Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe
Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda
geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk parlamentara
gatnaşyklaryny giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Söhbetdeşler iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň, deputatlaryň özara duşuşyklarynyň geçirilmeginiň hem-de geňeşmeleri guramak arkaly bu ulgamda tejribe alyşmagyň möhümdigini aýratyn bellediler. Parlamentara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin netijeli gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.