milli goshun logo
Türkmen türgenleriniň taekwondo boýunça halkara ýaryşdaky üstünligi
Türkmen türgenleriniň taekwondo boýunça halkara ýaryşdaky üstünligi
06.03.2024 884 Sport

Golaýda Malaýziýa Federasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherinde taekwondo (ITF) boýunça geçirilen halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç, jemi 34 medal gazandylar.

Ildeşlerimiziň gazanan bu üstünlikleri Türkmenistanda sport hereketiniň, şol sanda sportuň taekwondo görnüşiniň ösdürilmegine uly üns berilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Ýaryşa has ýaşajyk türgenleriň gatnaşandygyny hem bellemek gerek.

Gazanylan şeýle uly üstünlik ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2024-nji ýylda hem türgenlerimiziň halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, olaryň gazanan medallary we ýeňişleri eziz Diýarymyzyň abraýyny hem-de türkmenistanlylaryň ata Watanymyza buýsanjyny artdyrýar.