milli goshun logo
Türkmen türgenleri Bişkekde 5 medal gazandy
Türkmen türgenleri Bişkekde 5 medal gazandy
2 gün öň 20 Sport

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde sportuň göreş görnüşi boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionatlary geçirildi. Bu gezekki ýaryşlar iki ýaş toparyny — 15 ýaşa çenli ýetginjekleri we 20 ýaşa çenli ýaşlary özünde jemledi. Ýaryşlara 15 ýurduň — Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, KHDR-niň, Koreýa Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Ýaponiýanyň ýygyndylary gatnaşdylar.

Ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda ýurdumyza ilkinji bürünç medallary paýtagtymyzyň ýaş türgenleri getirdiler. Erkin göreş boýunça Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Meret Durdyýew 44 kilograma çenli agram derejesinde baýrakly orny eýeledi. Ýaryşyň dowamynda ol çärýek finalda Koreýa Respublikasynyň wekili Jiwon Paky 10:0 hasap bilen ýeňip, ýarym finalda hindistanly Aarýan Aarýandan 0:10 hasap bilen ýeňildi. Bürünç medal ugrundaky bäsleşikde KHDR-den gatnaşan türgen Hun Bom Rinini ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Grek-rim göreşi boýunça paýtagtymyzyň «Olimp» orta sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Jeýhun Hakberdiýew hem 52 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Çärýek finalda gazagystanly Samga Ýermekden ýeňlen türgenimiz soňky tutluşykda hindistanly Şiwananda Ýadawany ýeňip, üçünji orny gazandy.

Ýurdumyzyň pälwanlary ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşda has uly üstünliklere eýe boldular. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň birinji ýyl talyby Döwletgeldi Myradow 86 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Ilki koreýaly Juhwan Lini 13:0 hasaby bilen ýeňen ýaş pälwan ýarym finalda hindistanly Saçin Saçinden 12:1 hasabynda üstün çykdy. Ol diňe final tutluşygynda eýranly Abolfazl Ýaser Rahmani Firuzjadan 2:6 hasabynda asgyn geldi.

Döwletgeldi bilen bir ýokary okuw mekdebinde okaýan Watan Annaorazow 74 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Mongoliýaly Burenjargal Batbaýary 12:2, täjigistanly Muhammedemin Abduloýewi 13:4 hasap bilen ýeňen Watan ýarym finalda özbek türgeninden ýeňildi. Ýöne bürünç medal ugrunda hytaýly Tszinpeň Çžuny 5:4 hasap bilen ýeňip, üçünji orny eýelemegi başardy.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby, halkara derejeli sport ussady Alp Arslan Begenjow hem 79 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Çärýek finalda hindistanly Amit Amit bilen bolan tutluşykda ýeňlişe sezewar bolan türgenimiz soňra özbegistanly Jorullo Abdufattohowy 12:1 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.