Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskde tamamlanan erkin göreş boýunça halkara ýaryşda 79 kilograma çenli argam derejesinde ildeşimiz Döwletmyrat Orazgylyjow kümüş medal gazandy.
Ýaryşyň birinji tapgyrynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby ilkinji minutda belarusly garşydaşyny pilçesiniň üstüne taşlady hem-de arassa ýeňiş gazandy.
Ýarym finalda biziň türgenimiz Russiýanyň pälwany bilen duşuşdy. Bu tutluşygy hem Döwletmyrat ynamly geçirdi. Ol ilkibaşdan ýagdaýlary ele alyp, hasaby 8:0 getirdi. Göreşiň diňe soňlarynda D.Orazgylyjow aratapawudyň biraz azalmagyna mümkinçilik berdi hem-de finala çykdy.
ABŞ-dan bolan türgen bilen jemleýji tutluşykda ildeşimiz birnäçe netijeli aşyrmalary geçirdi. Ýöne, munuň özi ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Netijede, ol kümüş medal gazandy.
Bu D.Orazgylyjowyň iri halkara ýaryşlarda ilkinji baýragy däldir. Onuň hasabynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bürünç medaly, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde Iwan Ýaryginiň Gran-pri ýaryşynda bürünç medaly we Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde göreş boýunça Aziýa çempionatynda gazanan bürünç medaly bar.