Şu günler
ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda
ildeşimiz Bektimur Reýimow bürünç medala eýe boldy.
Türkmenistanly
türgen bu baýragy 67 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edip gazandy. Türkmen
türgenine birden götermekde 122 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram
agramlygy galdyrmak başartdy. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça biziň
türgenimiz üçünji orny eýeledi. Onuň görkezijisi 269 kilograma barabar boldy.
Munuň özi öňe çykan gruziýaly agyr atletikaçynyň gazanan netijesinden bary-ýogy
1 kilogram azdyr.
11-nji synpyň
okuwçysy, «Olimp» orta sport mekdebinde terbiýelenýän Bektimur geljegine uly
umyt bildirilýän türgendir. Las-Wegasdaky bäsleşikde gazanan ýeňşi bolsa oňa
sport dünýäsinde täze mümkinçilikleri açýar.
ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionaty dowam edýär. Ýer ýüzüniň ýaş türgenleri 15-nji marta çenli güýç synanyşarlar. Çempionatda bütin dünýäden gelen 180-den gowrak türgenler agyrlyk derejeleriniň 10-sy boýunça çykyş edýärler. Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ýurdumyzyň çempionatynda ýokary netijeler gazanan agyr atletikaçylar düzýärler.