5-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il
ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş
merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle-de bu
ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumuzu
bagy-bossanlyga büremegiň güýzki möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan çärä
täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar
gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy ilkinji bag nahalyny oturtdy. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly
Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny oturtmaga girişdiler.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal
welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşy
bilen gyzyklanyp, ýol ugruna ady rowaýata öwrülen Akhan atly ajaýyp bedewiň
heýkeliniň ýanynda saklandy.
Bu ýerde welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap
edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew alnyp barylýan gurluşyk
işleri barada maglumat berdiler.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy ak mermerli Aşgabadyň eteklerinde alnyp barylýan işler, aýratyn-da,
paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde döredilen tokaý zolaklary bilen
tanyşdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine
gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekow hem-de paýtagtymyzyň häkimi R.Gandymow
hormatly Prezidentimiziň aýdan tankydy bellikleriniň ýerine ýetirilişi we bu
ugurda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdiler.