Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp internet arkaly geçiren iňlis dili boýunça olimpiadasynyň netijesinde 2 ýeňiji we baýrak eýeleriniň 5-si belli boldy.
Olimpiadanyň şertine görä, oňa her ýokary okuw jaýyndan bäş talyp gatnaşdy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň 18-sinden talyplaryň 90-sy güýç synanyşdy.
Olimpiadanyň ýumuşlary oňa gatnaşanlaryň okamak endiklerini, gepleşik we ýazuw dilini, şeýle hem iňlis diliniň grammatikasyny bilşini barlamaga mümkinçilik berdi. Barlaglaryň ýumuşlary talyplaryň üç ugur: ynsanperwer, tehniki we takyk ylymlar boýunça ýöriteleşýän ugurlaryna görä taýynlanypdy. Synag tabşyryklarynda türkmen halkynyň taryhyna hem-de häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine degişli sowallaryň jogaplary teswirlendi.