Sankt-Peterburgyň informatika tehnologiýalary, mehanika we optika barlaglary milli uniwersitetiniň guran Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VII Matematika olimpiadasynda (NCUMC-2021) ýurdumyzyň wekilleriniň 7-si ýeňiş gazandy we 26-sy baýrakly orunlary eýelediler.
Olimpiada dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 40-syndan jemi 350-den gowrak talyp gatnaşdy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisi güýçlileriň onlugyna girdi: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bäşinji, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti – altynjy orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara degişli derejeli diplomlar gowşuryldy. NCUMC-2021 olimpiadasynyň iňlis dilinde geçirilendigini hem aýtmak gerek, türkmen talyplary dil taýdan gowy taýýarlygyny görkezdiler.