22.06.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmen talyplary halkara internet-olimpiadada 31 sany altyn medal gazandylar
Türkmen talyplary halkara internet-olimpiadada 31 sany altyn medal gazandylar
06.05.2021 104 Habarlar

31 ýeňiji we 95 baýrakçy – bular Türkmenistanyň wekilleriniň Powolžýäniň Döwlet tehnologik uniwersiteti (Ýoşkar-Ola şäheri, Mariý El Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralan Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasynyň iki tapgyryna gatnaşmaklarynyň netijesidir.

Olimpiada Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Sloweniýanyň 205 sany ýokary okuw jaýlaryndan üç müňden gowrak talyp gatnaşdy.

Talyp biliminiň gözden geçirilişi fizika, himiýa, informatika, maddalaryň garşylygy, statistika, nazary mehanika, ykdysadyýet, ekologiýa dersleri boýunça amala aşyryldy. Matematika boýunça ýaryş üç tapgyrda göz öşünde tutulyp, onuň jemleýji tapgyry 12-13-nji maýda geçiriler.