02.03.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
2018-nji ýylda türkmen sportunda ýetilen üstünlikler
2018-nji ýylda türkmen sportunda ýetilen üstünlikler
02.02.2019 394 Habarlar

2018-nji ýylda türkmen sportuny ösdürmek boýunça ägirt uly işler alnyp baryldy. Diýarymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli we Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

Türkmen türgenleri 2018-nji ýylda halkara ýaryşlarynyň 111-sine, dünýä çempionatlarynyň 22-sine gatnaşyp, 44 medal, Aziýa çempionatlarynyň hem-de paralimpiýa Aziýa oýunlarynyň 31-sine gatnaşyp, 74 medal, dürli halkara ýaryşlarynyň 58-sine gatnaşyp, 142 medal gazandylar. Şunlukda, jemi 260 medala, şol sanda 85 altyn, 69 kümüş we 106 bürünç medallara mynasyp boldular.