Bilşimiz ýaly, Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp
geçirilýän dabaralar, sport çäreleri ýurdumyzyň ähli künjünde uludan bellenip
geçilýär. Şonuň ýaly dabaralaryň biri hem Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Harby institutynyň sport meýdançasynda geçirilen «Göreldämiz
Belent Serkerdebaşy, türkmen sportumyz dünýäň naýbaşy» atly köpçülikleýin sport
çäresidir. Dabara aýdymdyr-sazlara, şatlyk-şowhuna beslendi. Aýratyn hormat
garawuly batalýonynyň harby gullukçylarynyň sazlaşykly hereketler bilen
«Sagdynlyk we bagtyýarlyk» diýen ýazgyny ýazmaklary, Ýörite maksatly toparyň
başa-baş el söweşi boýunça görkezme çykyşlary dabara gatnaşyjylarda aýratyn
täsir galdyrdy. Çärede Harby institutyň we «Merkezi goşun» sport klubynyň
türgenleriniň sport ulgamynda gazanan kuboklarydyr medallary giňden
ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem ol türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça
görkezme çykyşlaryna orun berildi. Dabaranyň dowamynda erkin maşklar toplumy
ýerine ýetirildi we köpçülikleýin welosipedli ýörişi guraldy. Çäräniň ahyrynda
oňa gatnaşyjylar tarapyndan Watanymyzy sagdynlygyň mekanyna öwren hormatly
Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.
«Milli goşun».