Germaniýa Federatiw Respublikasynda
Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary uly üstünlik bilen geçdi. Olar
Baýroýt şäherinde geçirilen ýaş artistleriň 69-njy halkara festiwalyna hem
gatnaşdylar.
Biziň saz
sungatymyzyň ussatlarynyň maksatnamasyna kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde
halk sazlary we nusgawy eserler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap
ynamly barýan Watanymyzyň üstünliklerini görkezýän fotosergi guraldy.
Festiwalyň
resmi açylyş dabarasy nusgawy saz eserlerini döredijiler — R.Wagneriň we
F.Listiň şäheri — Baýroýtda geçirildi.
Türkmenistanly artistleriň çykyşy
uly gyzyklanma hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Türkmen
halk saz gurallarynda ýerine ýetirilen folklor kompozisiýasy, Nury
Halmämmedowyň, Pýotr Çaýkowskiniň, Astor Pýassollanyň hem-de bütin dünýä meşhur
beýleki kompozitorlaryň nusgawy eserleri ýaňlandy. Olary kamera orkestri ýerine
ýetirdi.
Döredijilik iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň artistleri 10-a golaý konsert bilen çykyş etdiler. Olaryň her biri halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň ýolunda ähmiýetli täze ädime öwrüldi.