29-njy martda Ministrler
Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew
«Türkmen sährasy — 2019» halkara awtoulag sergisine taýýarlyk görmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu sergide ýeňil, ýük,
ýolagçy hem-de ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň dürli nusgalary görkeziler.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sergileriň hem-de işewürlik maslahatlarynyň geçirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde Türkmenistanyň eksport kuwwatyny has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere halkara sergä awtomobil gurluşygynda ýöriteleşdirilen dürli kompaniýalaryň gatnaşmagyny üpjün etmegi hem-de ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.